Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ýewgeniý Ýenin sişenbe güni Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçisi Toýly Ataýew bilen duşuşdy. Duşuşykda söwda gatnaşyklarynyň has-da ösdürilmegine aýratyn üns berlendigini ukrain DIM-i habar berýär.
Habara görä, ministriň orunbasary ýokary derejeli syýasy gepleşikleriň hem-de söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ähmiýeti barada belläp geçdi. Diplomatlar, şeýle-de Ukraina bilen Türkmenistanyň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek barada hem maslahat etdiler.
Taraplar ýakyn günlerde türkmen we ukrain işewür toparlarynyň forumyny gurnamaga taýýarlyk görmek barada hem pikir alyşdylar.
“Ýenin ukrain taraplarynyň Türkmenistanda işewürlik taslamalaryny durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirýändigini hem belledi” diýip, habarda aýdylýar. Ministriň orunbasary pandemiýa döwründe emele gelen ykdysady çökgünlik sebäpli eksporty we söwdany goldamagyň iki tarap üçin hem möhüm meseledigini nygtap, ukrain-türkmen söwda gatnaşyklaryny täze derejä çykarmak üçin işewür wekilleriniň arasyndaky baglanyşygy giňeltmäge taýýardygyny aýtdy.
Duşuşykda iki ýurduň diplomatlary halkara guramalaryň çäginde, şol bir wagtda bilim hem-de medeniýet ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar.