Kükürtli ýatagyndan 2.8 milliard kub metre golaý gaz çykaryldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Kükürtli ýatagyndan 2.8 milliard kub metre golaý gaz çykaryldy
“Lebapgazçykaryş” müdirligi Kükürtli gaz ýatagyndan ýylyň ilkinji bäş aýynda 2.8 milliarda golaý tebigy gazy we 2,600 tonna golaý gaz kondensatyny aldylar.

“Türkmengaz” döwlet konserniniň “Lebapgazçykaryş” müdirligi Garagum sährasynda ýerleşýän Kükürtli gaz ýatagyndan ýylyň ilkinji bäş aýynda 2 milliard 780 million kub metrden gowrak tebigy gazy aldylar.

Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň resmi saýtynyň habar bermegine görä, iş meýilnamasy 40 göterim artyk ýerine ýetirildi.

Şeýle-de müdirlik 2,600 tonna golaý gaz kondensatyny öndürip, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodyna iberdi.

“Lebapgazçykaryş” müdirligi önümçilikde ornaşdyrylan tehnologiýalar arkaly täze uglewodorod çeşmelerini gözlemegiň netijesinde geçen ýyl Täjibaý gaz ýatagyndan “mawy ýangyç” almaga başladylar.

Müdirligiň hünärmenleri 2019-njy ýylda 8 milliard kub metrden gowrak “mawy ýangyç” we 50 müň tonnadan gowrak gaz kondensatyny öndürdiler.

Häzirki wagtda kärhanada 420 hünärmen zähmet çekýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022