Türkmenistanyň Bütindünýä bankynyň “Işewürligi alyp barmak” (Doing business) taslamasyna goşulmagy anna güni Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde geçirilen onlaýn gepleşikleriň esasy meselesi boldy. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazeti habar berýär.
Häzirki wagtda bu taslama dünýäniň 180-den gowrak ýurduny öz içine alýar. Onuň maksady ýurtlaryň arasynda işiň bu görnüşini kadalaşdyrmagyň şertlerini deňeşdirmek üçin hemmetaraplaýyn maglumatlary ýygnamak we seljermek arkaly tutuş dünýä boýunça telekeçilik işini kadalaşdyrýan hukuk binýadyny gowulandyrmak üçin ygtybarly esasy döretmekden ybaratdyr.
“Türkmen telekeçileri bar bolan mümkinçilikleri hem-de döwlet tarapyndan döredilen şertleri netijeli ulanyp, iş ýüzünde özleriniň bäsdeşlige ukyplylygyny subut edýärler, hususy işewürligiň hojalygy ýöretmegiň has netijeli usullarynyň biridigini tassyklaýarlar” diýlip, söhbetdeşlikde bellendi.
Taraplar dürli ugurlarda, şol sanda saglygy goraýyş, statistika, ulag, bank we maliýe toplumlarynda bu abraýly gurama bilen hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini belläp, teklip edilýän taslamanyň ähmiýetini nygtadylar.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda halk hojalyk toplumyny düýpli özgertmek, hususan-da, ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz ulgamyny ösdürmek boýunça amala aşyrylýan giň gerimli işler babatda ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmagyň geljegi barada pikir alşyldy.
Söhbetdeşlige Daşary işler ministrliginiň, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri hem gatnaşdylar.
Häzirki wagtda Bütindünýä bankynyň “Işewürligi alyp barmak” taslamasy dünýäniň 180-den gowrak ýurduny öz içine alýar.