“Türkmenhowaýollary” agentligi “Boeing 777-200F” kysymly ýük howa gämisini satyn alar.
Ýük howa gämisini satyn almak barada Germaniýanyň “Airсraft Finanсe Germany GmbH.” kompaniýasy bilen şertnamany baglaşmaga ygtyýar bermek baradaky Karara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde gol çekdi.
Merjlisde “Türkmenistanyň iri halkara ulag merkezleriniň biri hökmündäki derejesini has-da pugtalandyrmak üçin bar bolan mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmak zerurdyr. Ýurdumyzyň awiatorlary ýük daşalýan ugurlaryň çägini hem-de hereket edýän ugurlarda gatnawlaryň ýygylygyny artdyryp bilerler” diýip, türkmen Lideri belledi.
Döwlet Baştutany “Türkmenhowaýollary” agentligi tarapyndan satyn alynýan döwrebap howa gämisiniň bildirilýän talaplara hem-de hil we howpsuzlyk babatda halkara ölçeglerine laýyk gelmelidigini hem aýtdy.
“Boeing 777-200F” ýük gämisi uzak aralyga uçmak boýunça dünýäde iň öňdebaryjy uçarlaryň biri hasaplanýar. Ol bir gezekde 9000 kilometrden gowrak ýol aşyp, 100 tonna ýüki göterip bilýär.
Häzirki wagtda “Türkmenhowaýollary” agentliginde Il-76TD uçarlarynyň sekiz sanysy ýük daşamak işlerini amala aşyrýar.