Türkmen kompaniýasy ýylda 730 müň hindi towugyny öndürmekçi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen kompaniýasy ýylda 730 müň hindi towugyny öndürmekçi
“Maksada okgunly” kompaniýasy ýerli şertlere uýgunlaşan sekiz müň sany hindi towugyny guş fermalaryna paýlady.

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda hindi towugyny ösdürip ýetişdirmegi ýola goýan “Maksada okgunly” kompaniýasy işewürligi ösdürmek maksady bilen kiçi fermalarda guşuň bu görnüşini saklamak üçin tehnologiýalary gurnady. Bu barada “Altyn asyr” elektron gazeti habar berýär.

Ahal, Mary, Lebap we Daşoguz welaýatlarynyň telekeçileri ýurtda bu pudagyň girdejilidigine göz ýetirdiler we häzirki wagtda hindi towuklaryny saklamagy ýola goýdular. Şonuň netijesinde hem tebigy iýmler bilen ýetişdirilýän guşlar organiki et bilen söwda nokatlaryny üpjün edýär.

Kärhananyň ýolbaşçysy Maksat Ibragimowyň aýtmagynä görä, organiki hindi towugynyň etini almak üçin iň möhüm zat ýokary derejedäki öri meýdanlaryň gurnalmagydyr. Guşlaryň özüne düşýän bahasy ýöriteleşdirilen toplumlary gurmaga çykaryljak çykdajylardan dört esse azdyr.

Kompaniýanyň hünärmenleri ýerli şertlere uýgunlaşan sekiz müň sany hindi towugyny ýetişdirmek üçin jüýje öndürmek bilen meşgullanýan ýerli guş fermalaryna paýladylar.

Telekeçi Ibragimow tarapyndan işlenip düzülen biznes meýilnamasy esasynda kompaniýa döwlet tarapyndan karz serişdeleri berildi. Şeýlelikde, kärhana “Peterstime” kompaniýasyndan 730 müň jüýje we agramy 13,800 tonna bolan hindi towugyny öndürýän dört sany döwrebap inkubator satyn aldy.

Şonuň bilen bir hatarda, “Maksada okgunly” kompaniýasy ýokary tehnologiýaly 22 sany ketegiň we iým zawodynyň gurluşygyny alyp barýar. Bu toplumyň ýylda 11 müň tonna hindi towugynyň etini öndürmäge mümkinçiligi bolar. 

2022