“Apple” kompaniýasy “iPhone” arkaly awtoulag açarlarynyň ornuny çalyşmak isleýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Apple” kompaniýasy “iPhone” arkaly awtoulag açarlarynyň ornuny çalyşmak isleýär
“Apple”-iň täze funksiýasy “Near Field Communication” tehnologiýasy arkaly işlemäge rugsat berýär. (Surat: “Apple”)

“Apple” duşenbe güni her ýyl geçirilýän Bütindünýä Programmaçylar Maslahatynda (WWDC) sürüjilere awtoulaglaryny açmak we otlamak üçin “iPhone”-laryny ulanmaga mümkinçilik berýän täze funksiýany yglan etdi.

CNN-iň habaryna görä, “Apple”-iň awtoulaglar boýunça uly inženeri Emili Şubert “iPhone” bilen awtoulagyň açylyşyny görkezdi. Soňra sürüjiler “iPhone”-y awtoulagyň içindäki tekjesine ýerleşdirip, ulagy otlap bilerler.

“Apple” bu funksiýasy biri-birinden birnäçe santimetr aralygyndaky enjamlara simsiz maglumat alyşmaga mümkinçilik berýän “Near Field Communication” (NFC) tehnologiýasynyň üsti bilen isleýär. “Apple” has uzak aralykdan açylmaga mümkinçilik berýän ultra giň zolakly başga tehnologiýany ulanmaga geçmegi meýilleşdirýär.

“Apple”-iň täze “CarKey” ulanyjylary “iMessage” arkaly sanly açarlaryny maşgala agzalary ýa-da islendik adam bilen çäkli we çäksiz görnüşinde paýlaşyp bilýärler. Mysal üçin, ulagyň eýesi açary alýan adamyň awtoulagy ulanýan wagtyny kesgitläp biler.

“CarKey” ýakyn wagtda çykjak “iOS 14” we häzirki “iOS 13” sistemalarynyň üsti bilen elýeter bolar.

Kompaniýa bu funksiýany ilkinji gezek “2021 BMW 5” seriýasynda hödürlär, şol bir wagtda ony beýleki awtoulag kysymlarynda hem ornaşdyrmagy göz öňünde tutýar.

Transmilli amerikan awtoulag öndürijisi “General Motors” we beýleki awtoulag öndürijileri sürüjilere eýýäm birnäçe ýyldan bäri smartfonlary arkaly gulplamak ýa-da açmak ýaly ulagyň käbir funksiýalaryny ulanmaga mümkinçilik berýärler. “Tesla Model 3” awtoulagy smartfonlar arkaly otlanyp bilinýän ilkinji ýol serişdesidir.

2022