Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministri Şeýh Abdulla bin Zaýed Al Nahaýýanyň arasynda duşenbe güni onlaýn görnüşinde gepleşikler geçirildi.
Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini nygtadylar. Türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň ilerledilmegi babatynda ýokary derejedäki gepleşikleriň ähmiýeti barada aýdyldy.
Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, kärdeşler iki ýurduň daşary ykdysady edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeliligini hem-de sebitleýin we halkara gün tertibiniň esasy meselelerine bolan garaýyşlaryň meňzeşdigini nygtap geçdiler.
Ministrler, Türkmenistan bilen BAE-niň arasynda Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitetiniň işiniň ähmiýetini nygtap, onuň nobatdaky mejlisini geçirmekligiň seneleri barada pikir alyşdylar. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi we ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň oňyn ösüşiniň saklanmagy bilen bagly meselelere garaldy.
Dünýädäki pandemiýa ýagdaýy barada gürrüň edip, diplomatlar iki ýurduň ylmy merkezleriniň tagallalarynyň birleşdirilmeginiň hem-de ylmy diplomatiýanyň gurallarynyň ulanylmagynyň zerurlygy barada aýtdylar.
Şeýle hem iki ýurduň arasynda ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň, ylym, bilim ýaly möhüm ugurlardaky hyzmatdaşlygy berkitmegiň aýratyn ähmiýetlidigi bellenildi.