Türkmenistanyň Prezidenti iki sany iri dokma kärhanalarynyň gurluşygy bilen tanyşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti iki sany iri dokma kärhanalarynyň gurluşygy bilen tanyşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Ahalgallaönümleri” önümçilik birleşiginiň Galla önümleri önümçilik toplumynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow duşenbe güni Ahal welaýatyna amala aşyran sapary bilen ähli welaýatlara bolan iş saparyny jemledi. Bu barada TDH habar berýär.

Döwlet Baştutany dikuçarda welaýatyň Babadaýhan we Kaka etraplarynda gurulýan ýylda her biri 5 müň tonna inçe süýümli pagtany gaýtadan işlemäge niýetlenen iri dokma kärhanalarynyň gurluşyk işleri bilen tanyşdy.

Babadaýhan etrabynda gurulýan toplumda “kompakt penýe”, ýagny tüýjümek däl görnüşli inçe süýümli ýüplügiň ýylda 3 müň 300 tonnasy öndüriler. Şondan taýýarlanan ýokary hilli matalaryň 20 million inedördül metrini, şol sanda boýalan matalaryň 18 million inedördül metrini hem-de taýýar tikin önümleriniň 3,5 million sanysyny öndürmek meýilleşdirilýär.

Kaka etrabynda gurulýan dokma kärhanasynda tüýjümek däl görnüşli nah ýüplügiň 3 müň 650 tonnasyny öndürmäge niýetlenen önümçilik, egin-eşik tikmek üçin 12 million inedördül metr ýokary hilli matany, şol sanda 10 million inedördül metr boýalan matany hem-de 1 million 200 müň sany taýýar önümi öndürmäge niýetlenen önümçilik bölümleriniň işi ýola goýlar.

Geljekki dokma toplumlarynyň taslamalary pagta süýümini gaýtadan işlemek tapgyryndan başlap, ahyrky önümi öndürmäge çenli tehnologik işleriň tutuş toplumyny öz içine alar. Bu iri fabriklerde egriji, dokma, boýag we tikin bölümleri bolar.

Iki desgalaryň hem gurluşyk işlerine 2018-nji ýylyň maý aýynda badalga berlip, 2021-nji ýylda bolsa, olaryň işe başlanmagy tabşyryldy.

Şeýle-de saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti dikuçarda galla meýdanlaryny, welaýatyň täze we döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşyk işlerini synlady.

Saparyň dowamynda türkmen Lideri “Ahalgallaönümleri” önümçilik birleşiginiň Galla önümleri önümçilik toplumynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Toplumyň önümçilik bölümleri 4 sany bolup, olar bugdaý ununy, unaş önümlerini, çörek we çörek önümlerini hem-de polipropilen haltalaryny öndürýän bölümlerdir.

Kärhananyň bugdaý ununy öndürýän bölüminiň kuwwatlylygy ýylda 80 müň tonna un öndürmäge niýetlenendir. Toplumyň bu bölümi 2 sany özbaşdak ulgamlardan ybaratdyr. Olaryň biri ýokary hem-de birinji hilli un, beýlekisi bolsa, unaş ununy öndürmek üçin niýetlenen ulgamlardyr. Taýýarlanan däne çyglama enjamlaryndan geçirilýär we doly arassalanyp, üwemeklik üçin bugdaý üweýji enjamlara berilýär.

Ýokary hilli un taýýar önümler ammaryna ugradylýar we şol ýerde ýörite 5, 10, 25 we 50 kilogramlyk un haltalaryna hem-de awtomatlaşdyrylan gaplama enjamlaryndan ownuk gaplara gaplanýar.

Soňra Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde iş maslahatyny geçirip, onda ýurduň welaýatlaryna amala aşyran iş saparlarynyň netijelerini jemledi. Döwlet Baştutany daýhanlaryň alyp barýan işleriniň talabalaýyk derejededigini kanagatlanma bilen belledi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022