Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow sişenbe güni Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň Aşgabatdaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Fatih Türkmenoglu bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça Türkmenistan bilen ÝTÖB-niň arasyndaky uzak möhletli ösüşini kanagatlanma bilen bellediler. Duşuşykda bu halkara maliýe guramasynyň gatnaşmagynda energetika we ulag, hususy pudagyň hemmetaraplaýyn goldawy we beýlekiler bilen bagly durmuşa geçirilýän hem-de häzirki dowam edýän taslamalar dogrusynda pikir alşyldy.
Gatnaşyjylar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, kiçi we orta telekeçiligi goldamak üçin maddy hem-de tehniki binýady berkitmek, şeýle hem ýurduň hususy pudagynyň gatnaşmagynda işewürlik geňeşmelerini geçirmek ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Taraplar, şeýle hem ÝTÖB-niň Türkmenistan boýunça 2019-2024-nji ýyllar üçin Ýurt strategiýasynyň çäklerindäki işjeň hyzmatdaşlygyň aýratyn ähmiýetini belläp geçdiler.
Türkmenistanda hereket edip başlanyndan bäri 200-den gowrak kärhana işewürlik maslahatlaryny beren ÝTÖB umumylykda 75 taslama 295 million ýewro maliýe serişdesini goýberdi.
Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky 1991-nji ýylda döredilen halkara maliýe guramasydyr. Dünýäniň 69 döwleti we iki sany ÝB guramasy tarapyndan eýeçilik edilýän Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky häzirki döwürde Ýewropanyň we Merkezi Aziýanyň 30-dan gowrak ýurdunda iş alyp barýar.