TNGIZT suwuklandyrylan gazyň önümçilik möçberini iki esse artdyrdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
TNGIZT suwuklandyrylan gazyň önümçilik möçberini iki esse artdyrdy
TNGIZT ýurtda suwuklandyrylan gazy öndürýän iň iri kärhanadyr.

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy (TNGIZT) doly tamamlanmadyk alty aýyň dowamynda 45 müň tonnadan gowrak suwuklandyrylan gazy eksporta taýýarlady. Bu bolsa, meýilnamada göz öňünde tutulan möçberiň 201 göterim ýerine ýetirilendigini aňladýar.

“Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazetiniň habar bermegine görä, TNGIZT ýurtda suwuklandyrylan gazy öndürýän iň iri kärhana bolup, ol 300 müň tonnadan gowrak ýa-da ýurtda öndürilýän suwuklandyrylan gazyň üçden iki bölegini öndürmäge ukyplydyr.

Içerki we daşarky bazar üçin niýetlenen 200 müň tonna golaý suwuklandyrylan gazy TNGIZT polipropilen we ýokary oktanly benziniň önümçiliginde ulanýar.

Suwuklandyrylan gazyň ulanylmagy nebit çeşmelerini tygşytlaýar we çig malyň işlenişini aňsatlaşdyrýar.

Iri nebit kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gaz, benzinler, kerosinler, dizel ýangyçlary, binýatlaýyn we harytlyk çalgy ýaglary, şeýle hem kokslar, bitumlar, polipropilen, plýonka, haltalar we beýleki harytlar Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň üsti bilen ýerlenýär.

2022