Türkmen gümrükçileri geljekki ýyllaryň meýilnamalaryna bagyşlanan maslahata gatnaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen gümrükçileri geljekki ýyllaryň meýilnamalaryna bagyşlanan maslahata gatnaşdy
Türkmen gümrükçileri wideo aragatnaşyk arkaly Bütindünýä gümrük guramasynyň Gümrük hyzmatdaşlygy boýunça Geňeşiniň 135-nji we 136-njy mejlislerine gatnaşdy. (Surat: WCO)

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri geçen penşenbe güni wideo aragatnaşyk arkaly Bütindünýä gümrük guramasynyň Gümrük hyzmatdaşlygy boýunça Geňeşiniň 135-nji we 136-njy mejlislerine gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi saýty habar berýär.

Mejlisiň dowamynda Harytlary beýan etmegiň we kodlaşdyrmagyň sazlaşdyrylan ulgamyna 2022-nji ýyl üçin üýtgetmeler girizmek, maliýe meseleleri we 2020-2021-nji ýyl üçin býujeti tassyklamak meseleleri maslahatlaşyldy. Şeýle hem, Gurama agza döwletleriň indiki mejlisi 2020-nji ýylyň dekabr aýyna meýilleşdirildi.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy 1991-nji ýylyň noýabrynda döredildi we gulluk 1993-nji ýylda Bütindünýä gümrük guramasyna agza boldy. Häzirki wagtda Döwlet gümrük gullugynyň ulgamy alty gümrükhanadan we 51 sany gümrük nokatlaryndan ybaratdyr.

Şu ýylyň aprel aýynda türkmen gümrükçileriniň 21 sanysy Täzeden seredilen Kioto konwensiýasy diýlip atlandyrylýan Gümrük amallaryny ýönekeýleşdirmek we sazlaşdyrmak boýunça halkara konwensiýasyna goşulyşmak meselesine bagyşlanan Bütindünýä gümrük guramasynyň bilermenleri bilen geçirilen maslahata gatnaşypdy.

2022