Türkmen we hytaý baş diplomatlary işewürlik gatnaşyklarynyň dikeldilmegini maslahatlaşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen we hytaý baş diplomatlary işewürlik gatnaşyklarynyň dikeldilmegini maslahatlaşdylar
Aşgabatda 2017-nji ýylyň iýulynda Hytaýda öndürilýän harytlaryň köpugurly sergisi geçirildi.

Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministrleri Raşid Meredowyň hem-de Wan Iniň arasynda ýekşenbe güni telefon arkaly gepleşik geçirildi. Bu barada türkmen DIM-i habar berýär.

Işjeň ýagdaýda geçirilen gepleşikleriň barşynda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň gün tertibiniň giň gerimli meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Dürli sebitleýin we halkara guramalarynyň çäklerinde Türkmenistanyň hem-de Hytaýyň özara goldawlarynyň işjeňleşdirilmegi gepleşikleriň aýratyn mowzugyna öwrüldi.

Taraplar şeýle-de epidemiýa döwründe iki ýurduň döwlet hem-de hususy pudaklarynyň wekilleriniň duşuşyklarynyň dikeldilmegine we ýygjamlaşdyrylmagyna hem aýratyn üns çekdiler.

Koronawirus pandemiýasynyň garşysyna bilelikdäki hereketleriň utgaşdyrylmagy bilen birlikde, derwaýys sebit hem-de halkara meselelerine hem seredilip geçildi.

Türkmenistanyň we Hytaýyň DIM-niň ýolbaşçylary çylşyrymly umumydünýä ýagdaýlarynyň nazarda tutulmagy bilen, ylmy diplomatiýanyň netijeli gurallarynyň hemmetaraplaýyn ýaýbaňlandyrylmagynyň wajyp häsiýete eýe bolýandygyny hem belläp geçdiler.

Hytaý tarapy Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň Milli meýilnamasynyň kabul edilmeginiň öz wagtyndalygyny aýratyn nygtady.

Ikitaraplaýyn, şonuň ýaly-da dürli sebitleýin hem-de halkara guramalaryň çäklerindäki özara gatnaşyklaryň derwaýyslygyny we ulgamlaýyn häsiýetini aýratyn nygtamak bilen diplomatlar türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň bilelikdäki hereketleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary boýunça has hem işjeňleşdirilmeginiň zerurlygyny bellediler.

2022