“Merkezi Aziýa–ABŞ” formatyndaky maslahatda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça pikir alşylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Merkezi Aziýa–ABŞ” formatyndaky maslahatda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça pikir alşylar
ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili Zalmaý Halilzad 2018-nji ýylyň dekabrynda Aşgabatda saparda bolupdy.

ABŞ-nyň wekiliýetiniň gatnaşmagynda sişenbe güni wideoaragatnaşyk arkaly “Merkezi Aziýa – ABŞ” (“С5+1”) formatynda daşary işler ministrleriniň maslahaty geçiriler. Bu barada Özbegistanyň DIM-i habar berýär.

29-njy iýun 1-nji iýul aralygynda ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili Zalmaý Halilzad we ABŞ-nyň Halkara ösüş boýunça maliýeleşdirmek korporasiýasynyň (DFC) baş ýerine ýetiriji direktory Adam Boler Özbegistana resmi iş saparyny amala aşyrarlar.

Geçiriljek gepleşikleriň dowamynda Owganystanda parahatçylyk gepleşiklerini goldamak, sebitde ykdysady hyzmatdaşlyk, ABŞ bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda özara hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly meseleler barada pikir alşylar.

Şeýle-de ABŞ-nyň wekiliýeti Özbegistanyň Oliý Mejlisiniň Senatynda, Daşary işler, Maýa goýum we daşary söwda, Ykdysady ösüş ministrliklerinde birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirerler.

“С5+1” formatynda geçiriljek onlaýn gepleşiklere Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň daşary işler ministrleriniň, şeýle hem ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýkl Pompeonyň gatnaşmagyna garaşylýar.

2022