Türkmenistan bilen Beýik Britaniýa söwda-ykdysady gatnaşyklary boýunça Ähtnama gol çekdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen Beýik Britaniýa söwda-ykdysady gatnaşyklary boýunça Ähtnama gol çekdi
Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Hökümetleriniň arasynda Ähtnama gol çekildi.

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Ezizgeldi Annamuhammedowyň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hýu Stenli Filpott bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada TDH habar berýär.

Sişenbe güni geçirilen gepleşikleriň dowamynda taraplar iki ýurduň özarabähbitli ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de ileri tutulýan ugurlar, şol sanda maliýeleşdirmek we maýa goýum boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri barada bellenilip geçildi.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Hökümetiniň arasynda Durnukly ykdysady ösüşi ýokarlandyrmak barada özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi.

Ilçi Hýu Stenli Filpott 23-nji iýunda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy Döwran Hudaýberdiýew bilen onlaýn görnüşinde gepleşik geçiripdi.

Söhbetdeşligiň barşynda diplomat britan tarapynyň Türkmenistan bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň we işewürlik gatnaşyklaryň geljekki ösüşine, hususan-da, telekeçilik boýunça netijeli özara gatnaşyklaryň giňeldilmegine bolan hemişelik gyzyklanmasyny tassyklady.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022