Türkmenistan Bütindünýä söwda guramasyna agza bolmak boýunça onlaýn mejlise gatnaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan Bütindünýä söwda guramasyna agza bolmak boýunça onlaýn mejlise gatnaşdy
Türkmenistan Bütindünýä söwda guramasynyň onlaýn görnüşinde geçen seminarynyň bäşinji mejlisine gatnaşdy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew çarşenbe güni Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) “Fokusda goşulmak: Ýewraziýa” atly onlaýn seminaryň bäşinji mejlisine gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Wideokonferensiýa görnüşinde geçen çärä BSG-a agza we synçy ýurtlaryň döwlet we hususy pudaklarynyň degişli edaralarynyň we guramalarynyň wekilleri hem-de ylmy işgärler gatnaşdylar.

Bu mejlis BSG-a agza ýa-da synçy hökmünde goşulmaga isleg bildirýän taraplaryň meýilnamalarynyň, maglumatlarynyň we teklipleriniň alyş-çalşygy arkaly Ýewraziýa ýurtlarynyň BSG-a goşulmak prosesi baradaky webinarlaryň bir bölegidir.

Daşary işler ministriniň orunbasary Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna synçy hökmünde goşulmak baradaky ornuny mälim etdi we bu meseläni öwrenmek üçin ýurtda ýerine ýetirilen uly taýýarlyk işleri barada maglumat berip, üç möhüm ugry belläp geçdi.

Türkmenistanyň DIM-ne görä, Bütindünýä söwda guramasyna synçy hökmünde gatnaşmak Türkmenistanyň halkara ykdysady gurluşlaryna goşulmagyna, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegine maýadarlar we söwda hyzmatdaşlary üçin kepillikleri we aç-açanlygy üpjün eder, şeýle hem ýurduň täjirçilik meselelerinde öz ornuny güýçlendirer.

Şeýle hem taraplar geljekki hyzmatdaşlyk boýunça meseleleriň birnäçesine seredip, BSG-a goşulmagyň tertibi baradaky meseleler boýunça tekliplerini hem-de garaýyşlaryny beýan etdiler.

2022