Türkmen nebitgaz toplumyna täze ýolbaşçylar bellendi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen nebitgaz toplumyna täze ýolbaşçylar bellendi
Türkmenistanyň Prezidentiniň belleýşi ýaly, konsernleriň önümçilik işini dünýäde uglewodorod serişdeleriniň bahalarynyň pese gaçmagy bilen bagly emele gelen ýagdaýa görä kämilleşdirmeli.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň anna güni geçirilen giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň nebitgaz pudagyna gözegçilik edýän ýolbaşçylaryň birnäçesiniň wezipesini üýtgetdi we käbirlerini wezipeden boşatdy. Bu barada TDH habar berýär.

Döwlet Baştutany işde goýberen kemçilikleri üçin, Myrat Arçaýewi döwlet ministri ­–  “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy wezipesinden boşatdy. Bu wezipä Batyr Amanowy belläp, ony Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktory wezipesinden boşatdy. TNGIZT-iň baş direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek bu kärhananyň baş inženeriniň üstüne ýüklenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Hojamuhammet Geldiýewi başga işe geçmegi sebäpli, Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory wezipesinden boşatdy.

Döwlet Baştutany Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory wezipesine Şahym Abdrahmanowy belläp, ony “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň başlygy wezipesinden boşatdy.

Türkmen Lideri “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň başlygy wezipesine Merdan Rozyýewi belläp, ony şol korporasiýanyň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatdy we ýakyn wagtda korporasiýanyň başlygynyň orunbasary wezipesine bellemek üçin mynasyp adamy hödürlemegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutany wise-premýer Myratgeldi Meredowa we nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, geçen alty aýyň jemleri boýunça nebitgaz toplumynda esasy önümçilik görkezijileriniň bellenen meýilnamalara laýyklykda ýerine ýetirilendigine garamazdan, käbir görkezijileriň ösüş depgininiň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde pes bolandygyny aýtdy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, konsernleriň önümçilik işini dünýäde uglewodorod serişdeleriniň bahalarynyň pese gaçmagy bilen bagly emele gelen ýagdaýa görä kämilleşdirmeli.

Şeýle hem türkmen Lideri Hazar deňziniň türkmen bölegindäki nebitgaz toplumlaryny özleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň depginini güýçlendirmelidigini, bu toplumlaryň özüne çekijiligini ýokarlandyrmak arkaly, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegiň depginini artdyrmalydygyny belledi.