Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Ezizgeldi Annamuhammedowy başga işe geçmegi sebäpli Maliýe we ykdysadyýet ministri wezipesinden boşadyp, bu wezipä Muhammetgeldi Serdarowy belledi.
TDH-nyň habar bermegine görä, türkmen Lideri täze bellenen ministre salgyt düzgünlerini kämilleşdirip, elektron salgyt ulgamyna geçmegi çaltlandyrmalydygyny nygtap, bu ugurda halkara tejribesinden ugur almagy tabşyrdy.
Döwlet emlägini aýrybaşgalamagy we hususylaşdyrmagy, döwletiň paýy bolan edara-kärhanalary paýdarlar jemgyýetlerine öwürmegi, gymmatly kagyzlaryň bazaryny guramagy çaltlandyrmaly diýlip, işleriň alnyp barylmagy ugurlarynyň ilkinji nobatdaky wezipeleri kesgitlenildi.
Ýurt Baştutany zyýan çekip ýa-da pes netije gazanyp işleýän döwlet kärhanalarynyň bolsa aýratynlykda seljerilmelidigine ünsi çekdi.
“Kärhanalaryň önümçilik kuwwatlygyny doly ulanyp, zerur bolmadyk çykdajylary azaltmaly, ýokary hilli önümleri öndürip, pudaklaryň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri çaltlandyrmaly” diýip, Türkmenistanyň Prezidenti nygtady.
Şeýle-de kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek üçin amatly şertleri döretmegiň üstünde yzygiderli işlemeli diýip, türkmen Lideri sözüni dowam etdi hem-de ýer böleklerini bermek işini ýönekeýleşdirip, karz, gümrük we söwda taýdan resmileşdirmegi ýeňilleşdirmelidigini tabşyrdy.
Eksport höweslendirmeleri arkaly sebitlerde erkin ykdysady zolaklary döretmegi çaltlandyrmak, şeýle hem wiza, bellige almak, ýer böleklerini resmileşdirmek, karz we hasaplaşyk ýeňilliklerini girizmek mümkinçiliklerini öwrenmek hem esasy ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi.