Türkmen Lideri bank işinde döwrebap usullaryň ornaşdyrylmagyny tabşyrdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen Lideri bank işinde döwrebap usullaryň ornaşdyrylmagyny tabşyrdy
Türkmenistanyň Prezidenti döwrebap bank hyzmatlaryny ornaşdyrmagy çaltlandyryp, bank ulgamyna ynamy we onuň özüne çekijiligini artdyrmalydygyny belledi.

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde anna güni Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer Gadyrgeldi Müşşikowa hem-de bank we maliýe düzümleriniň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, ykdysadyýetde maliýe durnuklylygyny gazanmak we pudaklary maliýe taýdan sagdynlaşdyrmak üçin degerli çäreleri görmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Türkmen Lideri dürli pudaklara berilýän karzlaryň ykdysady taýdan bähbidine we netijesine yzygiderli seljerme geçirmek barada görkezme berip, berilýän karz serişdeleriniň bellenen maksada görä ulanylyşyna gözegçiligi güýçlendirmegi tabşyrdy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow döwrebap bank hyzmatlaryny ornaşdyrmagy çaltlandyryp, bank ulgamyna ynamy we onuň özüne çekijiligini artdyrmalydygyny belledi hem-de bank edaralaryna fiziki we ýuridik taraplaryň pul serişdelerini çekmegiň we olary bermegiň tertibini ýeňilleşdirmek barada degişli görkezmeleri berdi.

Ýurt Baştutany halkara maliýe bazarlaryndan amatly şertlerde karz serişdelerini, şeýle hem daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegiň üstünde köpräk işlemegiň möhüm ugurlaryň biridigini belledi hem-de abraýly halkara maliýe guramalary bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk edip, olaryň ykdysadyýetiň ösüşine berýän synlarynyň we seljerme işleriniň netijelerini ýerlikli peýdalanmagy tabşyrdy.

Şeýle-de Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow täze ýylyň Döwlet býujeti barada aýdyp, bu işi tamamlap, onuň taslamasyny Türkmenistanyň Mejlisiniň garamagyna bermegiň möhümdigini nygtady.

“Ýurduň baş maliýe meýilnamasynda her etrapda we şäherde mätäçlik çekýän adamlar üçin ýaşaýyş jaýlaryny gurmaga serişdeleri hökman göz öňünde tutmaly diýip”, türkmen Lideri bu tabşyrygy birnäçe gezek gaýtalap aýdýandygyny nygtady.

2022