Türkmen işewüri 1 tonna çenli terligine doňdurylan önümleri taýýarlaýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen işewüri 1 tonna çenli terligine doňdurylan önümleri taýýarlaýar
Telekeçiniň kärhanasynda her gün 500 kilogramdan 1 tonna çenli gök-bakja önümleri we ir-iýmişler terligine doňdurylyp gaplanýar.

Telekeçi Amandursun Begjanowanyň Aşgabat şäherindäki gök-bakja önümleri we ir-iýmişleri terligine doňduryp, dürli gaplara gaplaýan kärhanasynda gyş möwsümine gyzgalaňly taýýarlyk görülýär. Bu barada “Rysgal” gazeti duşenbe güni habar berýär.

Her gün 500 kilogramdan 1 tonna çenli gök-bakja önümleri we ir-iýmişler terligine doňduryp gaplaýan kärhanada taýýarlanylan önümleri “Halk market” söwda merkezlerinde ýylyň islendik paslynda satyn almak bolýar.

“Ýurdumyzyň daýhanlary we bagbanlar bilen baglaşylan şertnamalar kärhanany ter gök-bakja önümler we ir-iýmişler bilen bökdençsiz üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Kärhanada Ýewropa döwletlerinde işlenip taýýarlanylan ösen tehnologiýalaryň peýdalanylmagy netijesinde doňdurylan gök-bakja önümleriniň taýýarlanylyşy doly awtomatlaşdyrylan görnüşde alnyp barylýar” diýip, işewür zenan belleýär.

Begjanowa önümiň uzak wagtyň dowamynda terligini saklap galmagyny we tebigy häsiýetlerini ýitirmezligini üpjün etmek üçin ony dessin doňdurmak tehnologiýasyndan peýdalanýandygyny aýdýar. “Doňduryş howanyň ýylylygynyň -40-dan -120-ä çenli derejesinde amala aşyrylýar. Şol bir wagtyň özünde gök önümleriň we ir-iýmişleriň ilkibaşdaky tagamy we iýmitlik gymmaty saklanyp galýar”.

Häzirki wagtda kärhanada dogralan ýeralmasy, brokkol kelemi, badamjan, bulgar burçy ýaly gök we bakja önümlerini hem-de erik, ülje, garaly, böwürslen, gara smorodina, ýertudanasy ýaly ir-iýmişleri doňduryp, gyşa taýýarlamak işi ýokary depginde alnyp barylýar. Terligine doňdurylan önümleri ýitgisiz saklamak üçin bu ýerde 1 müň tonna önümi ýerleşdirmäge ukyply bolan sowadyjy otaglar göz öňünde tutulandyr.

Kärhanada doňdurylan gök-bakja önümleri we miweler alyjylar üçin ýarym kilogramlyk gaplara gaplanylyp taýýarlanýar. Köpçülikleýin iýmitleniş nokatlary, toý mekanlary, konditer öndürýän kärhanalar üçin taýýarlanylan önümler bolsa, ýörite niýetlenen 10 kilogramlyk polietilen gaplara gaplanylýar.

Doňdurylan önümleri gaplamak üçin niýetlenen gaplaryň “Halk market” toruna degişli bolan “Berk plastik” kärhanasynda ýerli çig maldan taýýarlanylýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022