2025: “Diýar guşy” 450 müňden gowrak jüýje çykarmagy meýilleşdirýär

“Biznes Reklama” gazeti
2025: “Diýar guşy” 450 müňden gowrak jüýje çykarmagy meýilleşdirýär
Inkubatora goýlup alnan jüýjeler

Ýokary hilli we ekologiýa taýdan arassa azyk önümleriniň bolçulygy ilatyň abadan durmuşynyň üpjün edilmeginiň esasy şertleriniň biridir. Bu ugurda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan alnyp barylýan işler hem oňyn netijelerini berýär. Halkymyzda ýedi hazynanyň biri hasaplanýan guşçulyk obasenagat toplumynyň möhüm pudaklarynyň biridir. Ýurdumyzda bu pudagy ösdürmek ugrunda amala aşyrylan işleriň netijesinde Diýarymyzyň çar ýanynda döwrebap guş toplumlarynyň ençemesi işe girizildi. Şolaryň biri hem Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň “Arkaç” daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşýän “Diýar guşy” hojalyk jemgyýetine degişli guşçulyk toplumydyr. Bu toplumyň kuwwaty guşçulyk toplumlarynda idetmek üçin niýetlenen broýler, ýagny etlik jüýjeleriň her ýylda 25 millionyny çykarmaga mümkinçilik berýär.

Hojalyk jemgyýeti ýurdumyzyň beýleki guşçulyk toplumlarynyň sargydy esasynda bir günlük broýler jüýjelerini taýýarlaýar. Şol jüýjeler 40 günüň içinde 2 kilogram agrama ýetip, soýuma taýýar bolýar. Toplumda et ugurly broýler towuklarynyň “Ross 308” tohumyna degişli jüýjeler çykarylýar. Munuň üçin enelik towuklaryň guzlan ýumurtgalary Belgiýa döwletiniň önümi bolan, innowasion tehnologiýa esasynda işleýän inkubirleme enjamyna ýerleşdirilýär. Öz ugrunda dünýäniň öňdebaryjy kompaniýasynyň enjamynyň kömegi bilen çykarylan jüýjelere ýörite hünärmenler tarapyndan zyýansyzlandyryş işleri alnyp barylýar. Soňra ähli zerur şertler bilen üpjün edilen ýörite ulaglaryň kömegi arkaly jüýjeler müşderilere ýetirilýär.

2020-nji ýyldan bäri, broýler jüýjeleriniň önümçiligi bilen meşgullanýan “Diýar guşy” hojalyk jemgyýeti işleriniň gerimini yzygiderli giňeldýär. Degişli haryt nyşany bilen ýokary hilli guş etiniň önümçiliginiň ýola goýulmagy hem muňa aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär. Döwrebap toplumyň önümçilik kuwwaty ýylda 2 müň tonnadan gowrak guş etini taýýarlamaga mümkinçilik berýär. “Diýar guşy” haryt nyşanly guş eti içerki bazarda alyjylara hödürlenilip, sarp edijileriň ýokary bahasyna mynasyp bolýar.

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň güýzünde hojalyk jemgyýeti ýumurtga önümçiligini ýola goýmaga hem taýýarlanýar. Munuň üçin ýörite saýlanyp alnan “Nik çik braun” tohumyna degişli ene towuklaryň 36 müňden gowragyna talabalaýyk ideg edilýär. Şu ýylyň noýabr aýynda olardan her günde 30 müňden gowrak ýokary hilli ýumurtga almak maksat edinilýär. Şeýle hem toplumda 2025-nji ýylyň fewralynda 450 müňden gowrak jüýje çykarmak meýilleşdirilýär.

Döwrebap guşçulyk toplumynda et we ýumurtga ugurly towuklary idetmäge niýetlenen ketekler biri-birinden birnäçe kilometr uzaklykda ýerleşýär. Olarda guşlary göwnejaý idetmek hem-de köpeltmek üçin ýokary hil ülňülerine doly kybap gelýän şertlerdir mümkinçilikler döredilendir. Keteklerde towuklary iýmlemek, olara suw bermek, arassaçylyk işleri awtomatlaşdyrylan görnüşde alnyp barylýar. Guşçulyk toplumynda idedilýän towuklara dürli kesellere garşy sanjym işleri yzygiderli geçirilýär. Toplumda ornaşdyrylan sanly ulgama daýanýan tehnologiýalar howa şertlerine laýyklykda, ketekleriň içindäki gyzgynlygy gerekli derejede saklamaga mümkinçilik berýär.

 

Çeşme: “Biznes Reklama” gazeti

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС