Aşgabat bilen Ankara ulag we ýük gatnawynyň ugurlaryny giňeltmekçi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabat bilen Ankara ulag we ýük gatnawynyň ugurlaryny giňeltmekçi
Türkmen we türk ulag pudagynyň wekilleri logistika kompaniýalarynyň ulag geçelgeleriniň ösüşindäki ornuny maslahat etdiler.

Türkmenistan bilen Türkiýäniň ulag pudaklarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly çarşenbe güni gepleşikler geçirildi. Bu barada türkmen DIM-i habar berýär.

Türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýramgeldi Öwezow, “Türkmenawtoulaglary”, “Türkmendemirýollary”, “Türkmenhowaýollary”, “Türkmendeňizderýaýollary” agentlikleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Türk tarapyna Türkiýe Respublikasynyň Ulag we infrastruktura ministri Adil Karaismailoglu ýolbaşçylyk etdi. Şeýle-de Ulag we infrastruktura ministriniň orunbasarlary Ömer Fatih Saýan we Selim Dursun, Türkiýäniň dürli ulag pudaklarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Gepleşikleriň barşynda taraplar iki ýurduň ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygynyň ösüşiniň, hususan-da söwda gatnaşyklaryny kämilleşdirmek üçin ulag geçelgeleriniň we howa ýollarynyň netijeli ulanylmagynyň wajyplygy barada belläp geçdiler. Ýük daşama ulgamyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze ugurlary barada hem pikir alşyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 2-nji iýulynda üçtaraplaýyn gepleşigiň dowamynda ulag ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmak babatda öňe süren başlangyçlaryna esaslanyp, türkmen tarapy ýurduň ulag ulgamyndaky ösüşine we logistika mümkinçiliklerine, şeýle-de bu ugurda amala aşyrmak üçin mümkin bolan bilelikdäki taslamalara gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi.

Şeýle-de taraplar logistika kompaniýalarynyň ulag geçelgeleriniň ösüşindäki ornuny maslahat etdiler. Bilelikdäki taslamanyň – Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe (“Lapis Lazuli”) halkara üstaşyr-ulag geçelgesiniň meselelerine aýratyn seredildi. Şular ýaly taslamalaryň sebit we halkara söwda-ykdysady gatnaşyklary, ählumumy durnukly ösüşi berkitmekdäki orny barada hem bellenip geçildi.