Daşoguz welaýatynda şu ýyl mäş önümçiliginiň ep-esli artmagyna garaşylýar. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” habar berýär.
“Mäşiň önümçiligini ýokarlandyrmak, suwarymly oba hojalygynyň netijeliligini artdyrmak babatdan möhümdir, sebäbi güýzlük bugdaý ýygnalandan soň ekin dolanyşygynda ulanylýan bu aralyk ekin topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrýar” diýlip, habarda aýdylýar.
Welaýatyň esasy däne öndüriji S.Türkmenbaşy etrabynda mäş ekmek üçin 700 gektar ýer bölünip berildi. Gurbansoltan eje etrabynda bolsa, goşmaça 350 gektar ýere mäş ekiler.
Howa şertleri, iýmitleniş aýratynlyklary we ösüp ýetişmek ukyplary taýdan örän amatly bolan kösükliler maşgalasyna degişli bolan bu ekin tygşytly we geljegi uly hasaplanýar. Daşoguz welaýatynyň oba ýaşaýjylarynyň öý melleklerinde mäş ösdürip ýetişdirmekde hem tejribesi bardyr.
Şu ýyl Türkmenistanyň demirgazygynda artjak ekinleriň arasynda düzüminde ep-esli ýag bolan künji hem bardyr. Ekin işlerine hususy pudagyň wekilleri hem işjeň gatnaşýar.