Türkmen Lideri Gazagystanyň ilkinji Prezidenti bilen Aral deňzi meselelerini maslahatlaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen Lideri Gazagystanyň ilkinji Prezidenti bilen Aral deňzi meselelerini maslahatlaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gazagystanyň ilkinji Prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gazagystanyň ilkinji Prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň arasynda anna güni telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada TDH habar berýär.

Söhbetdeşligiň başynda döwlet Baştutany Nursultan Nazarbaýewi golaýda bellenilip geçilen 80 ýaş toýy bilen gutlady. Nursultan Nazarbaýew gutlaglar üçin hoşallyk bildirip, döwletara gatnaşyklaryna mahsus bolan hem-de hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de üstünlikli ösdürmek üçin ygtybarly esas bolup durýan özara düşünişmek we ynanyşmak ýagdaýynyň ýokary derejesini belledi.

Söhbetdeşler şeýle hem koronawirus bilen baglanyşykly dünýä meselesine hem-de ony ýeňip geçmek üçin halkara tagallalary birleşdirmegiň ýollaryna üns berdiler.

Söhbetdeşligiň barşynda adam üçin howply bolan maddalar, şol sanda wiruslar howa akymlary arkaly, aýratyn hem çylşyrymly ekologiýa ýagdaýynda geçip biljekdigi bellendi. “Merkezi Aziýa ekologiýa nukdaýnazaryndan dünýäniň has duýgur sebitleriniň biri bolup durýar. Munuň esasy sebäpleriniň biri Aral deňziniň meselesi bilen baglanyşyklydyr”.

“Aral zolagynda döreýän hem-de giň geografik giňişlige ýaýraýan howa akymlary tebigata we howa ýaramaz täsir edýär hem-de diňe bir şu sebitde däl, eýsem, onuň çäginden daşarda ýaşaýan adamlaryň saglygy üçin hem aýratyn howpludyr” diýlip, habarda aýdylýar.

Türkmenistan Aral deňziniň sebiti üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasyny döretmek ugrunda çykyş edip, bu başlangyjy ösdürmek üçin anyk ädimleri ädýär.

“Siziň 2018-nji ýylyň 24-nji awgustynda Awazada Araly goramagyň halkara gaznasynyň sammitinde Türkmenistanyň Aral deňziniň meselelerini BMG-niň derejesinde toplumlaýyn çözmek baradaky başlangyjyny goldap çykyş eden günüňiz aýratyn ýatda galyjydyr” diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Türkmen Lideri “Siziň bu garaýşy esaslandyryp aýdan sözleriňiz meniň şu günki ýaly ýadymda. Şonda Siz: “Adamlaryň bir nesliniň durmuşynyň dowamynda Ýer ýüzünden tutuş deňiz ýok bolup gitdi” diýip belläpdiňiz” diýip aýtdy.

Ýurt Baştutany bu ekologik betbagtçylygyň zyýanyny aradan aýyrmak maksady bilen ylalaşykly hereketleriň zerurdygyny aýdyp, ýakyn wagtda Türkmenistanyň hem-de Gazagystanyň lukman alymlarynyň, ekologlarynyň we beýleki hünärmenleriniň arasynda yzygiderli gatnaşyklary ýola goýmaga taýýardygyny nygtady.

2022