Türkmenabadyň demirbeton kärhanasy şäheriň gurluşyk işlerine saldamly goşant goşýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenabadyň demirbeton kärhanasy şäheriň gurluşyk işlerine saldamly goşant goşýar
“Demirbetonönümleri” birleşmesiniň Türkmenabat şäherindäki şahamçasynda her gün 185 kub metr demirbeton önümleri öndürilýär.

“Demirbetonönümleri” birleşmesiniň Türkmenabat şäherindäki şahamçasy ýarym ýyllyk meýilnamanyň üstüne goşmaça 658 kub metr ýokary hilli demirbeton önümini öndürdi. Bu barada “Neýtralnyý Türkmenistan” gazeti duşenbe güni habar berýär.

Kärhananyň ähli bölüminde Germaniýanyň, Italiýanyň we Türkiýäniň belli kompaniýalarynyň döwrebap enjamlary oturdylyp, häzirki wagtda bu kärhanada her gün 185 kub metr demirbeton önümleri öndürilýär.

“Armatur galyp bölümine ýerleşdirilýär we iki sany aýry ýerleşdirilen pejiň wertikal bölekleriniň içine oturdylýar. Soňra ol ýere taýyn beton guýlup, 16-18 sagadyň dowamynda buglama prosesi amala aşyrylýar. Çygly we gyzgyn gurşawda gerekli görnüşe eýe bolan paneller gataýar we daşyna çykarylýar” diýip, kärhananyň galyp bölüminiň hünärmeni Şukurulla Aliýew demirbeton önümleriniň önümçiligi barada gürrüň berdi.

Ähli öndürilýän önümleriň hili kärhananyň laboratoriýasynda barlagdan geçirilýär. Bu ýerde döwrebap enjamlaryň kömegi bilen armaturyň dartyş güýji we basyş astynda beton önümleriniň berkligi synagdan geçirilýär.

Bäş ýyl ozal kärhana düýpli abatlanyp, enjamlary doly döwrebaplaşdyryldy. Zawodyň önümleri Lebap welaýatynyň merkezi şäherinde alnyp barylýan gurluşyk işlerinde giň gerimli ulanylýar.