Türkmen, azerbaýjan we owgan DIM-niň ýolbaşçylary “Lapis Lazuli” geçelgesini maslahatlaşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen, azerbaýjan we owgan DIM-niň ýolbaşçylary “Lapis Lazuli” geçelgesini maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Owganystanyň daşary işler ministrleri “Lapis Lazuli” geçelgesi boýunça pikir alyşdylar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň duşenbe güni Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Elmar Mamedýarowyň we Owganystanyň Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Mohammed Hanif Atmaryň arasynda onlaýn görnüşinde gepleşik geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, mejlisiň barşynda taraplar üç döwletiň arasyndaky syýasy-diplomatik gepleşikleriň ýokary derejesini nygtap geçdiler.

Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Owganystanyň Prezidentleriniň arasynda 2-nji iýulda wideomaslahat görnüşinde geçirilen üçtaraplaýyn gepleşigiň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi barada maslahat edildi. Şol gepleşigiň esasy mowzkularynyň biri-de, Owganystan–Türkmenistan–Azerbaýjan–Gruziýa–Türkiýe (“Lapis Lazuli”) halkara üstaşyr-ulag geçelgesiniň çäklerindäki hyzmatdaşlygy ösdürmek bolupdy.

Üç ýurduň möhüm magistral ýollarynyň çatrygynda amatly geografiki ýerleşişini nygtap, Meredow sebitleriň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek maksady bilen, ulag mümkinçilikleriniň netijeli ulanylmagy boýunça üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ähmiýetini belledi. “Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyçlaryna laýyklykda, Ýeke-täk logistika merkeziniň döredilmegi, ýük daşamalary ulgamyna öňdebaryjy tehnologiýalaryň girizilmegi, gümrük-nyrh kadalarynyň ýönekeýleşdirilmegi we üçtaraplaýyn gepleşik usullarynyň ulanylmagy Merkezi we Günorta Aziýanyň hem-de Ýewropa döwletleriniň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny berkidip, bütin sebitiň ösmegine ýardam berer”.

Diplomatlar üç ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň arasynda wideomaslahatlary geçirmek arkaly bu ugurdaky hyzmatdaşlygy dowam etdirmek boýunça ylalaşdylar.

Şeýle hem sebit we halkara gün tertibi, şol sanda COVID-19 pandemiýasyna garşy göreşmek bilen bagly möhüm meselelere hem seredildi.