“Türkmen aýna önümleri” kärhanasy 63.5 million manatlyk önüm öndürdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Türkmen aýna önümleri” kärhanasy 63.5 million manatlyk önüm öndürdi
Aýna kärhanasy ýylda dury aýnanyň 7.2 million, tonirlenen aýnanyň 1 million, taplanan aýnanyň 300 müň, laminirlenen aýnanyň 100 müň inedördül metrini öndürmäge ukyplydyr.

“Türkmen aýna önümleri” kärhanasynyň işçi hünärmenleri geçen alty aýyň içinde 63.5 million manatlykdan gowrak önüm öndürdiler.

“Türkmenistan” gazetiniň çarşenbe güni habar bermegine görä, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde ýerleşýän kärhananyň ösüş depgini 103.1 göterimden ybarat boldy.

Kärhanada öndürilen dürli görnüşli aýnalar häzirki güne çenli Özbegistan, Gazagystan, Täjigistan ýaly ýurtlara eksport edildi.

Aýna öndürýän iri desga ýylda dury aýnanyň 7.2 million inedördül metrini, tonirlenen aýnanyň 1 million inedördül metrini, taplanan aýnanyň 300 müň inedördül metrini, laminirlenen aýnanyň 100 müň inedördül metrini we aýna paketleriniň 400 müň inedördül metrini öndürmäge ukyplydyr.

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligine degişli “Türkmen aýna önümleri” kärhanasy önümçiliginde ýerli çig mal serişdelerinden peýdalanýar. Kärhana 24 gektar meýdany eýeleýär.

2018-nji ýylyň fewralynda açylan iri aýna önümçilik zawody diňe bir gurluşyk maksatly aýnalar öndürmän, buýurmalar esasynda 15 görnüşli çüýşe gaplary hem öndürýär. Bu buýurmalar türkmen telekeçileriniň önümçiliginde, lukmançylykda we hojalykda ulanylýar.

2022