Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili Rişard Komenda we BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowa bilen anna güni sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gepleşigi geçirildi.
Duşuşygyň barşynda, Türkmenistan bilen BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny maslahatlaşyp, taraplar BMG-niň adam hukuklary boýunça mehanizmleri bilen, hususan-da bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk boýunça, şeýle-de milli mümkinçilikleri ösdürmekdäki goldaw, adam hukuklary pudagynda Hereketleriň Milli meýilnamalaryny işläp düzmek we olaryň monitoringi boýunça pikir alyşdylar.
Şeýle-de taraplar Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara topary bilen BMG-nyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2020-nji ýylyň ikinji ýarymýyllygy üçin Hereketleriň bilelikdäki meýilnamasyna aýratyn üns çekdiler.
Gepleşikleriň dowamynda, BMG-niň adam hukuklary boýunça taslamalarynyň amala aşyrylmagynda tehniki kömek bermek we işini utgaşdyrmak, şeýle hem BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň sebitleýin wekiliýeti bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň arasynda göni aragatnaşygy utgaşdyrmak üçin BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň Maksatnamalar boýunça milli hünärmeniniň BMG-niň Aşgabatdaky edarasynyň düzüminde işini başlamak baradaky meselä seredildi.
Mundan başga-da, duşuşyga gatnaşyjylar COVID-19 pandemiýasy şertlerinde howply ýokanç keseliniň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça öňüni alyş we goşmaça çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar.