Türkmenistan bilen BAE ikitaraplaýyn diplomatik we ykdysady gatnaşyklara seretdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen BAE ikitaraplaýyn diplomatik we ykdysady gatnaşyklara seretdi
Türkmenistan we Birleşen Arap Emirlikleri syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlary pikir alyşdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Premýer ministriniň orunbasary, Prezidentlik işleri boýunça ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, çarşenbe güni geçirilen gepleşigiň barşynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini nygtadylar.

Iki ýurduň daşary syýasy edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeliligini hem-de sebitleýin we halkara gün tertibiniň esasy meselelerine bolan garaýyşlaryň birmeňzeşligi bellenildi.

Taraplar COVID-19 pandemiýasy bilen bagly häzirki ýagdaýlar we dünýäde onuň ýaýramagyna garşy göreşmekde tagallalary birleşdirmegiň mümkinçilikleri barada maslahat etdiler.

Şeýle hem ulag, energetika, himiýa senagaty we ekologiýa ulgamlarynda hyzmatdaşlygy berkitmegiň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy.

2022