BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin edarasynyň ýolbaşçysy hanym Ýasuko Odanyň hem-de beýleki jemgyýetçilik birleşikleriniň bilermenleriniň gatnaşmagynda raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuk ýagdaýyny kesgitlemek bilen bagly amallaryň öňdebaryjy halkara tejribesi boýunça okuw maslahaty geçirildi.
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň sişenbe güni habar bermegine görä, sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen okuw maslahatyna türkmen tarapyndan Döwlet migrasiýa gullugynyň, Mejlisiň, Ýokary kazyýetiň, Daşary işler, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim hem-de Adalat ministrlikleriniň, Statistika baradaky döwlet komitetiniň bilermenleri gatnaşdylar.
Okuw maslahatynyň barşynda oňa gatnaşyjylar migrasiýa ulgamynda möhüm meseleleri çözmekde halkara giňişliginde gazanylan üstünlikler we oňyn tejribeler dogrusynda pikir alyşdylar. Bu ugurda Türkmenistanyň toplan tejribesi we raýatsyzlygy azaltmakda ýeten sepgitleri barada durlup geçildi.
Çykyş edenler ynsanperwer ulgamynda, şol sanda migrasiýa babatynda Türkmenistanyň halkara guramalary bilen alyp barýan özara gatnaşyklary yzygiderli ösdürilýändigini bellediler.
Türkmen wekiliýeti 7-nji iýulda Ýasuko Odanyň gatnaşmagynda wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen maslahata gatnaşypdy.
Şol maslahatda raýatsyzlygy aradan aýyrmak boýunça Türkmenistanda işleriň ulgamlaýyn esasda alnyp barylýandygy we bu ugurda kabul edilen 2019-2024-nji ýyllar üçin hereketleriň Milli meýilnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi bellenildi.