Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Daşary işler we Arkalaşygyň işleri boýunça ministriniň parlamentar orunbasary, Ýewropa hoşniýetli goňşuçylyk we Amerika işleri boýunça ministri hanym Wendi Morton bilen telefon arkaly gepleşigi geçirildi.
Türkmenistanyň DIM-niň habaryna laýyklykda, penşenbe güni geçen söhbetdeşlikde taraplar özara gyzyklanma döredýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerini giňişleýin ara alyp maslahatlaşdylar.
Koronawirus pandemiýasy bilen göreşde halkara hyzmatdaşlyk etmek meselesi gepleşikleriň esasy mowzuklarynyň biri boldy. Diplomatlar täze koronawirus ýokanjynyň ýaýramagyna garşy göreşmekde halkara tagallalaryň utgaşdyrylmagynyň hem-de ylmy diplomatiýa gurallarynyň ulanylmagynyň möhümdigini bellediler.
Şeýle hem taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklary boýunça pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmen-britan söwda-senagat geňeşiniň (TUKTIC) wajyplygy nygtaldy.
“Şu güne çenli TUKTIC-iň ýedi sany mejlisi geçirilip, olaryň dowamynda ykdysadyýetiň dürli pudaklary boýunça söwda-ykdysady meselelere garaldy we işewür hyzmatdaşlygyny berkitmegiň mümkinçiliklerine seredildi” diýlip, habarda beýan edilýär.
Diplomatlar ekologiýa we tebigaty goramak ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşyp, howanyň üýtgemegi bilen göreşmek ugrunda hereket edýän ählumumy gurallaryň çäklerinde halkara hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň ähmiýetini belläp geçdiler.
Türkmenistanyň ekologiýa howpsuzlygyna aýratyn üns berýändigi we Araly halas etmegiň Halkara gaznasy arkaly Aral deňzi meseleleriniň çözülmegi ugrunda işjeň işleýändigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, taraplar BMG-niň howanyň üýtgemegi boýunça Maslahatlarynyň, şol sanda geljekki COP-26 mejlisiniň geçirilmeginiň wajyplygyny nygtadylar.