Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew 2019-njy ýylyň noýabrynda Daşkentde duşuşdylar. (Surat: Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy)

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda anna güni telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

TDH-nyň habar bermegine görä, türkmen Lideri özbek kärdeşini doglan güni hem-de Muhammet pygamberiň ýaşy – 63 ýaşynyň dolmagy bilen tüýs ýürekden gutlady we berk jan saglyk, bagt, şeýle hem ähli başlangyçlarynda hem-de Özbegistanyň halkynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Taraplar döwletara gatnaşyklaryň ýetilen derejesine ýokary baha berip, strategik hyzmatdaşlyga, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine özara ygrarlydyklaryny tassykladylar.

Telefon gürrüňdeşliginiň çäklerinde Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew, şeýle hem dünýä meseleleriniň möhüm ugurlarynyň birnäçesi boýunça pikir alşyp, gün tertibiniň, ilkinji nobatda, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we abadançylygy üpjün etmek meseleleri boýunça taraplaryň çemeleşmeleriniň we garaýyşlarynyň gabat gelýändigini kanagatlanma bilen bellediler.

Döwlet Baştutanlary halkara ykdysady gatnaşyklara oňaýsyz täsir edýän häzirki döwrüň ählumumy meselesine – täze görnüşli koronawirus pandemiýasy baradaky gürrüňe geçip, bu howply keseliň ýaýramagyna garşy göreşde ylalaşykly çemeleşmeleri işläp taýýarlamalydygyny, şeýle hem yzygiderli ýagdaýda arassaçylyk – karantin çäreleriniň geçirilmelidigini bellediler.

Söhbetdeşlikde Aral deňzi bilen baglanyşykly umumy meselelere aýratyn üns berlip, bu deňziň guramagy howa, ekologiýa ýagdaýyna, Aralýaka sebitde hem-de onuň çäklerinden alyslarda ýaşaýan ilatyň saglygyna ýaramaz täsirini ýetirendigi agzaldy.

Iki ýurduň Baştutanlary ynanyşmagyň we özara düşünişmegiň ýetilen ýokary derejesiniň geljekde hem netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdiler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022