Türkmenistan 9 müň tonna mäşi uzak gündogar ýurtlaryna eksport etmekçi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan 9 müň tonna mäşi uzak gündogar ýurtlaryna eksport etmekçi
Türkmenistanda sentýabr aýynyň ikinji ýarymynda 12 müň gektar meýdandan 10 müň tonna çenli mäşiň hasylyny almak meýilleşdirilýär.

Şu ýyl oba hojalyk önümlerini öndürýän kärhanalar ilkinji gezek mäş ösdürip ýetişdirmek üçin 12 müň gektar ýer bölüp aýyrdylar. Bu görkeziji geçen ýyllara garanyňda birnäçe esse köpdür.

“Altyn asyr” elektron gazetiniň habar bermegine görä, sentýabr aýynyň ikinji ýarymynda bu meýdandan 10 müň tonna çenli mäşiň hasylyny almak meýilleşdirilýär. Hasylyň köp bölegi (9 müň tonna golaýy) Hytaýa, Koreýa Respublikasyna, Ýaponiýa we Günorta-Gündogar Aziýa döwletlerine eksport ediler.

“Mäş tygşytly ösümlik bolup, ol suwy az mukdarda sarp edýär. Bu bolsa, mäşi howa şertleri gurak ýerlerde ösdürip ýetişdirmäge mümkinçilik döredýär. Şeýle-de mäş aralyk ekin bolup, ol topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga ýardam berýär” diýip, habarda aýdylýar.

Eksport etmek maksady bilen mäşi ösdürip ýetişdirmek taslamasyna Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary 2019-njy ýylda girişdiler. Häzirki wagtda “Mäş taslamasyna” TSTB-niň 100-den gowrak oba hojalyk önümlerini öndürýän agzalary gatnaşýar.

Birleşme şu ýylyň aprel aýynda “Mäş taslamasynyň” durmuşa geçirilmeginiň dowamynda her hepde şenbe güni oba hojalyk önümlerini öndürijiler üçin okuw maslahatlary geçiripdi. Okuwlarda alymlar mäşi ösdürip ýetişdirmegiň aýratynlyklary, onuň täze görnüşleri, ekinleriň zyýankeşlere garşy göreş çäreleri bilen tanyşdyrdy.

2022