Türkmen hususyýetçileri mäşi eksport etmegiň mümkinçiliklerini öwrenýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen hususyýetçileri mäşi eksport etmegiň mümkinçiliklerini öwrenýär
Güýzlük bugdaýdan boşan ýerlerde ikinji ekin hökmünde mäş ýetişdirilýär.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi mäşi ösdürip ýetişdirmegiň mukdaryny we hilini artdyrmaga, şeýle-de daşary ýurtlara ugratmaga gönükdirilen “Mäş taslamasyny” durmuşa geçirmäge başlady. Birleşme bu taslamany geçen ýyl hödürläpdi.

Bu ugurda degişli çäreleri gurnaýanlaryň biri bolup, “Ter önüm” hojalyk jemgyýeti çykyş edýär. Onuň binýadynda oba hojalyk işleriniň ylmy esasda alnyp barylmagyna ýardam etmekden ybarat ylmy merkez döredildi. Merkezde işlemek üçin oba hojalykçy-alymlar çekildi.

Taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň dowamynda her hepde şenbe güni oba hojalyk önümlerini öndürijiler üçin okuw maslahatlary geçirilýär. Olaryň barşynda alymlar mäşi ösdürip ýetişdirmegiň aýratynlyklary, onuň täze görnüşleri, ekinleriň zyýankeşlere garşy göreş çäreleri bilen tanyşdyrýar.

Bu sapaklaryň geçirilýän ýeri hökmünde, Türkmen oba hojalyk uniwersiteti saýlanyp alyndy. Ondan başga-da, okuw maslahatlarynyň mowzuklary hem artdyryldy. Olara ýurduň şertlerinde ençeme gök önümleri ösdürip ýetişdirmek boýunça umumy sapaklar hem goşuldy.

Baglaşylan şertnamalar boýunça ýurduň dürli welaýatlarynyň daýhan hojalyklarynda mäşiň birnäçe görnüşleri synagdan geçirildi. Bu bolsa, iň durnukly we sebitler üçin ýaramly görnüşlerini ýüze çykarmaga mümkinçilik berdi.

Güýzlük bugdaýdan boşan ýerlerde ikinji ekin hökmünde mäş ýetişdirilýär. Onuň düzüminde uly möçberde azotyň bolmagy topragyň hasyllylygynyň ýokarlanmagyna ýardam edýär. Bu kösükli ekiniň suwy tygşytlamagy hem oba hojalyk taýdan ähmiýetli hasaplanýar.

2022