Türkmen Lideri BAE-niň we Bahreýniň ýolbaşçylary bilen telefon söhbetdeşligini geçirdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen Lideri BAE-niň we Bahreýniň ýolbaşçylary bilen telefon söhbetdeşligini geçirdi
Türkmenistan bilen BAE gatnaşyklaryň uzak möhletleýin, birek-birege ynanyşmak we netijeli ýagdaýda ösdürilmegi ugrunda ähli zerur tagallalaryň ediljekdigi bellendi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Wise-prezidenti, Premýer-ministri, Dubaý Emirliginiň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktumyň, Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasy, BAE-niň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň orunbasary Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň we Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifanyň arasynda şenbe güni telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada TDH habar berýär.

Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktumyň bilen söhbetdeşligiň dowamynda döwletara gatnaşyklaryň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Iki ýurduň arasynda ýola goýlan diplomatik, ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklaryň berkidilmeginiň taraplaryň syýasy isleglerine we bähbitlerine doly laýyk gelýändigi bellenildi.

Döwlet Baştutany BAE bilen gatnaşyklaryň uzak möhletleýin, birek-birege ynanyşmak we netijeli ýagdaýda ösdürilmegi ugrunda ähli zerur tagallalaryň ediljekdigini belledi.

Türkmen Lideri we Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasy Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň özara düşünişmegiň ýokary derejesine eýe bolup, syýasy diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda sazlaşykly ösdürilýändigini kanagatlanma bilen bellediler.

Ozal gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmek, şol sanda daşary syýasat edaralary ulgamyndaky gatnaşyklar, dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri, şeýle hem anyk netijä esaslanýan gatnaşyklaryň täze görnüşlerini işläp taýýarlamak bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berildi.

Telefon arkaly söhbetdeşlikde Türkmenistanyň Prezidenti we Bahreýniň Patyşasy gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassyklap, ozal gazanylan ylalaşyklaryň çäklerinde medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçiliklerini nazara alyp, onuň anyk ugurlaryny kesgitlediler.

Şeýle-de söhbetdeşlikleriň dowamynda halkara ykdysady gatnaşyklara oňaýsyz täsiri bolan we adamzada täze wehim salýan koronawirus ýokanjy bilen baglanyşykly meselelere deglip geçildi.