Aşgabat we Sankt-Peterburg lukmançylyk pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabat we Sankt-Peterburg lukmançylyk pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürýär
Aşgabat we Sankt-Peterburg lukmançylyk pudagynda hyzmatdaşlygy we COVID-19 ýokanjynyň öňüni almak meselelerini maslahatlaşdy. (Surat: SP DGK)

Russiýanyň Sankt-Peterburg şäheriniň Daşary gatnaşyklar komitetiniň (SP DGK) goldawy bilen wideoaragatnaşyk görnüşinde Sankt-Peterburg bilen Türkmenistanyň arasynda geçen anna güni lukmançylyk pudagynda hyzmatdaşlyk etmek we COVID-19-yň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça maslahat geçirildi. Bu barada Daşary gatnaşyklar komitetiniň metbugat gullugy habar berýär.

Maslahata Sankt-Peterburgyň Saglygy goraýyş komitetiniň başlygynyň birinji orunbasary Andreý Sarana, Sankt-Peterburgyň Daşary gatnaşyklar komitetiniň başlygynyň orunbasary Andreý Hlutkow, gubernatoryň ýörite wekili Arfeniýa Ter-Minasowa, şeýle-de Sankt-Peterburgyň birnäçe lukmançylyk merkezleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Türkmenistana dermanlyk önümlerini iberilmegi bilen gyzyklanýan “Gerofarm” we “Biokad” kompaniýalarynyň ýolbaşçylary hem maslahata gatnaşdylar.

Türkmen tarapyndan maslahata Saglygy goraýyş we lukmançylyk senagaty ministriniň orunbasary Çary Agamyradow ýolbaşçylyk etdi.

Taraplar lukmançylyk pudagynda hyzmatdaşlygy we COVID-19 ýokanjynyň öňüni almak bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Maslahatda pandemiýanyň öňüni almak boýunça tejribe alyşmak, şeýle hem epidemiologiki ýagdaý durnuklaşandan soň Sankt-Peterburg we Türkmenistanyň lukmançylyk edaralarynyň we uniwersitetleriniň wekilleriniň özara saparlaryny amala aşyrmak barada ylalaşyk gazanyldy.

2022