Türkmenistanda Gurban baýramyny bellemek hakyndaky Permana gol çekildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda Gurban baýramyny bellemek hakyndaky Permana gol çekildi
Gurban baýramynyň bellenilýän günlerinde köpçülikleýin çäreleri çäklendirip, bu baýramy her kimiň öz öýünde geçirmegi maslahat berildi.

Türkmenistanda Gurban baýramy 2020-nji ýylyň 31-nji iýulynda, 1-2-nji awgustynda bellener. Bu barada TDH habar berýär.

Gurban baýramyny bellemek hakyndaky Permana Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sişenbe güni gol çekdi.

Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralaryň, kärhanalaryň we guramalaryň üpjün etmelidigi tabşyryldy.

TDH-nyň duşenbe güni ýaýradan bildirişine görä, Gurban baýramynyň bellenilýän günlerinde köpçülikleýin çäreleri çäklendirip, bu baýramy her kimiň öz öýünde geçirmegi maslahat berildi. Şeýle hem bu bildiriş ähli öýjükli telefon ulanyjylaryna SMS arkaly iberildi.

2022