Türkmenistan we Katar söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da giňelder

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan we Katar söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da giňelder
Türkmenistan we Katar dünýäniň geosyýasy hem-de ykdysady giňişliginde iki döwletiň döwletiň eýeleýän ornuny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim Bin Hamad Al Taniniň arasynda çarşenbe güni telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Iki döwletiň Baştutanlary birek-biregi mukaddes Gurban baýramy bilen gutladylar hem-de bu baýramyň tutuş musulman ymmatynda we bütin dünýäde ösüşi, parahatçylygy dabaralandyrjakdygyna, raýdaşlygy berkitjekdigine ynam bildirdiler.

Türkmen Lideri we Kataryň Emiri iki ýurduň halklaryna iň gowy arzuwlaryny aýdyp, ikitaraplaýyn syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ýokary derejä eýedigini kanagatlanma bilen bellediler we gatnaşyklary täze ugurlara çykarmak üçin uly geljegiň bardygyny aýtdylar.

Söhbetdeşligiň dowamynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Emirine ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge üns berýändigi hem-de onuň işjeňleşmegine şahsy goşant goşýandygy üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň däp bolan döwletara gatnaşyklara ygrarlydygyny we ony mundan beýläk-de ösdürmäge çalyşýandygyny aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, taraplaryň möhüm we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmaga, dünýäniň geosyýasy hem-de ykdysady giňişliginde iki dostlukly döwletiň eýeleýän ornuny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gönükdirilen meýillere gyzyklanma bildirýändigi nygtaldy.

Söhbetdeşligiň dowamynda sebit hem-de ählumumy gün tertibiniň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmagyň çäklerinde, tutuş adamzada çynlakaý wehim salýan we dünýäde çylşyrymly ýagdaýyň emele gelmegine sebäp bolan koronawirus ýokanjy meselesine deglip geçildi.

Türkmenistanyň bu howply ýokanjyň ýaýramagyna garşy göreşde halkara bileleşigiň tagallalaryny doly goldaýandygy bellendi.