Türkmenistanyň, Tatarystanyň we Astrahanyň işewürler topary wideomaslahat geçirdiler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň, Tatarystanyň we Astrahanyň işewürler topary wideomaslahat geçirdiler
Kazanda Türkmenistanyň Söwda öýüniň açylmagy söhbetdeşligiň temalarynyň biri boldy.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Döwletgeldi Rejebowyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarstan Respublikasynyň Maýa goýum ösüşi agentliginiň ýolbaşçysy Taliýa Minullina hem-de Astrahan oblastynyň Halkara we daşary ykdysady gatnaşyklary agentliginiň ýolbaşçysynyň orunbasary Alekseý Aýdin bilen wideomaslahat aragatnaşygy arkaly gepleşik geçirildi. Bu barada “Altyn Asyr” elektron gazeti geçen penşenbe güni habar berýär.

Şeýle hem söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň geljegini ara alyp maslahatlaşmaga Türkmenistanyň Kazandaky Baş konsuly Atadurdy Baýramow, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, Tatarstan tarapyndan – Senagat we söwda ministrliginiň, Söwda-senagat palatasynyň, Kärhanalar we senagatçylar assosiasiýasynyň, Eksport korporasiýasynyň, Kazanyň motogurluşyk önümçilik birleşiginiň, Nebitsenagathimiýa YBI-niň, Zelenodolskiniň A.M.Gorkiý adyndaky gämi gurluşygy zawodynyň, “Poliz” kompaniýasynyň, “Ак Барс” bankynyň wekilleri gatnaşdylar.

Gepleşikleriň barşynda taraplaryň Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň çäklerinde hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge taýýardygy beýan edildi.

Kazanda Türkmenistanyň Söwda öýüniň açylmagy söhbetdeşligiň temalarynyň biri boldy. “Ol türkmen önümleriniň we harytlarynyň Russiýa bazaryna üstünlikli ilerledilmegine ýardam etmelidir” diýip, habarda beýan edilýär.

Şeýle hem taraplar Hazarda türkmen-rus hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegiň wajyplygyny bellediler we Astrahan oblastynyň logistiki düzümlerini türkmen harytlaryny Tatarstana ibermek üçin ulanmak mümkinçiligine garadylar.

Tatarstan tarapy ähli ugurda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy dowam etmäge taýýardygyny beýan etdi.

2022