Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi döwlet eýeçiligindäki desgalary hususylaşdyrmak hakyndaky kanunçylygyna laýyklykda, döwlet eýeçiligindäki desgalary satmak boýunça bäsleşikli söwdalary geçirýär.
“Türkmenistan” gazetiniň sişenbe güni çap edilen sanyna görä, bäsleşikli söwdalar 26-njy awgustda Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde geçiriler.
Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, “Türkmengaz” döwlet konserniniň, “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň, Dokma senagaty ministrliginiň, Ahal, Lebap we Mary welaýat häkimlikleriniň desgalary satuwa çykarylar.
Bäsleşikli söwdalara gatnaşmaga Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde öz wagtynda ýüztutma beren, öňünden ýörite tölegleri tölän hem-de bäsleşikli söwdalara gatnaşmak üçin hasaba alnan Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň raýatlary, şeýle hem Türkmenistanyň döwlet eýeçiligine degişli däl edara görnüşli taraplary hem-de daşary ýurtlaryň edara görnüşli taraplary çagyrylýar.
Daşary ýurtlaryň kanunçylygyna laýyklykda döredilen ýuridik şahslar, halkara guramalar, olaryň Türkmenistandaky şahamçalary we hemişelik wekillikleri eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagyna we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagyna diňe Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Ykdysadyýeti töwekgelçiliklerden goramak agentliginiň degişli netijenamasy bolan ýagdaýynda gatnaşyp bilerler.
Ýüztutmalary kabul etmek we hasaba almak şu habaryň çap edilen gününden başlap, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde amala aşyrylýar we bäsleşikli söwdalaryň başlanmagyna 24 sagat galanda tamamlanýar. Gatnaşyjylary hasaba almak bäsleşikli söwdalaryň geçiriljek güni sagat 9:00-da başlaýar.
Bäsleşikli söwdalara gatnaşmagyň tertibi, desgalar baradaky goşmaça maglumatlar Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň emläk gatnaşyklary we telekeçiligi goldamak bölümi, degişli ugurdaş bölümleri tarapyndan berilýär.
Gatnaşyjylara hususylaşdyrylýan desgalar baradaky maglumatlar bilen öňünden tanyşmaga mümkinçilik berilýär. Döwlet eýeçiligindäki desgalar onuň borçnamalary bilen bilelikde hususylaşdyrylýar.