Türkmen migrasiýa gullugy halkara ylalaşyklar boýunça maslahata gatnaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen migrasiýa gullugy halkara ylalaşyklar boýunça maslahata gatnaşdy
“Howpsuz, düzgünleşdirilýän we yzygiderli migrasiýa” BMG-niň howandarlygynda taýýarlanan hökümetara gepleşikler ylalaşygydyr.

“Howpsuz, düzgünleşdirilýän we yzygiderli migrasiýa” hakyndaky Ählumumy Ylalaşygy durmuşa geçirmek boýunça Türkmenistanyň Iş toparynyň Migrasiýa boýunça halkara guramasy bilen sişenbe güni bilelikdäki iş maslahaty geçirildi. Bu barada Döwlet migrasiýa gullugy habar berýär.

Wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatyna Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy Zeýnal Hajiýew, Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Türkmenistandaky wekili, Döwlet migrasiýa gullugynyň, şeýle hem ýurduň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatda taraplar Türkmenistan bilen Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi barada belläp, “Howpsuz, düzgünleşdirilýän we yzygiderli migrasiýa” hakyndaky Ählumumy Ylalaşygyň wezipeleri, olary durmuşa geçirmegiň usullary hem-de bu halkara resminamasyny milli derejede amala aşyrmaklygyň netijeli gurallary barada pikir alyşdylar.

“Howpsuz, düzgünleşdirilýän we yzygiderli migrasiýa” BMG-niň howandarlygynda taýýarlanan hökümetara gepleşikler ylalaşygy bolup, halkara migrasiýasynyň ähli ölçeglerini bitewi we hemmetaraplaýyn öz içine alýar. Bu ylalaşyk 2018-nji ýylyň dekabrynda tassyklandy.

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň 30-njy iýulda geçiren Merkezi Aziýa sebiti boýunça iş maslahatyna hem gatnaşypdy. Şol maslahatda maglumat alyş ulgamy taslamasy barada pikir alyşdylar.

2022