“Samsung” “Galaxy Note 20” telefonyny köpçülige hödürledi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Samsung” “Galaxy Note 20” telefonyny köpçülige hödürledi
“Samsung”-yň ýolbaşçysy Roh Tae-Moon çarşenbe güni “Galaxy Unpacked” wirtual çäresinde “Galaxy Note 20” seriasy bilen tanyşdyrdy. (Surat: “Samsung Electronics”)

“Samsung” kompaniýasy çarşenbe güni ilkinji gezek göni ýaýlymda geçiren “Galaxy Unpacked” tanyşdyryş dabarasynda bäş sany täze enjamy, şol sanda “Galaxy Note 20” kysymly täze smart telefonyny köpçülige hödürledi. Bu barada kompaniýa öz metbugat beýanatynda habar berýär.

Günorta Koreýanyň iri elektronika kompaniýasy, sol sanda täze “Galaxy Z Fold 2” eplenýän smart telefonyny, “Galaxy Tab S7” planşetlerini, “Galaxy Watch 3” smart sagatlaryny we “Galaxy Buds Live” kabelsiz gulaklyklaryny köpçülige hödürledi.

Kompaniýanyň belleýşine görä, “Samsung Note 20” “Galaxy” smart telefonlarynyň arasynda iň çalt prosessor we “iň gowy ekran” bilen üpjün edilen. Şeýle hem, Samsung “Galaxy Note 20”-de şu wagta çenli öz telefonlarynda goýlan iň gowy kamerasynyň bardygyny mälim etdi. Smartfon iki görnüşde gelýär – bahasy 999.99 ABŞ dollardan başlaýan 6.7 dýuýmlyk “Galaxy Note 20” we bahasy 1,299.99 ABŞ dollardan başlaýan 6.9 dýuýmlyk “Note 20 Ultra”. Bu smartfonlar 21-nji awgustda satuwa çykarylar.

Bu smart enjamyň üsti bilen smart telewizorlara baglanyp, wideo ýaýmak we şol bir wagtda telefony beýleki meseleler üçin ulanyp bolar. Şeýle hem “Note 20”, “Apple” -iň “AirDrop” funksiýasyna meňzeş ulanyjylara “Android” telefonlar arasynda faýl alyşmaga we çalyşmaga mümkinçilik berjek “Nearby Share” funksiýasy bilen enjamlaşdyrylar.

Analitik firmasy “Canalys”-yň iýul aýyndaky hasabatyna görä, “Huawei” ikinji çärýekde ilkinji gezek “Samsung” we “Apple”-den öňe geçip, dünýäniň iň uly smartfon enjamlarynyň satyjysy boldy. “Canalys”, “Huawei”-iň 55.8 million smartfon, “Samsung”-yň bolsa 53.7 million smartfon satandygyny çaklaýar.

2022