TNGIZT 45 müň tonna golaý polipropilen öndürdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
TNGIZT 45 müň tonna golaý polipropilen öndürdi
Geçen ýedi aýyň dowamynda TNGIZT-de 3 million tonnadan gowrak nebit çig maly gaýtadan işlenildi.

Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda (TNGIZT) geçen ýedi aýda 44 müň 250 tonna polipropilen öndürildi.

“Türkmenistan” gazetiniň anna güni habar bermegine görä, meýilnama boýunça öndürilmeli mukdardan 3 müň tonna golaý artyk öndürilip, 109%-den gowrak ösüş gazanyldy.

Geçen ýedi aýyň dowamynda toplumda 3 million tonnadan gowrak nebit çig maly gaýtadan işlenilip, tabşyryk 101.5% berjaý edildi. Bu ýerde awtobenzinleriň dürli görnüşlerini taýýarlamagyň meýilnamasy 106.6%, dizel ýangyjy 107.6%, kerosin öndürmegiň tabşyrygy bolsa 100 göterim amal edildi.

Şeýle-de toplumda çalgy ýaglaryny öndürmekde görnükli netijelere eýe bolunýar. Bu ýerde ýanwar-iýul aýlarynda dürli görnüşli çalgy ýaglarynyň 32 müň tonna golaýy taýýarlanyldy.

Türkmenistanyň iri nebitgaz toplumy ýylda 2 million tonna mazut almaga, 250 müň tonna suwuklandyrylan gazy we 230 müň tonna pes oktanly ýeňil benzini gaýtadan işlemäge hem ukyplydyr.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022