Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda (TNGIZT) geçen ýedi aýda 44 müň 250 tonna polipropilen öndürildi.
“Türkmenistan” gazetiniň anna güni habar bermegine görä, meýilnama boýunça öndürilmeli mukdardan 3 müň tonna golaý artyk öndürilip, 109%-den gowrak ösüş gazanyldy.
Geçen ýedi aýyň dowamynda toplumda 3 million tonnadan gowrak nebit çig maly gaýtadan işlenilip, tabşyryk 101.5% berjaý edildi. Bu ýerde awtobenzinleriň dürli görnüşlerini taýýarlamagyň meýilnamasy 106.6%, dizel ýangyjy 107.6%, kerosin öndürmegiň tabşyrygy bolsa 100 göterim amal edildi.
Şeýle-de toplumda çalgy ýaglaryny öndürmekde görnükli netijelere eýe bolunýar. Bu ýerde ýanwar-iýul aýlarynda dürli görnüşli çalgy ýaglarynyň 32 müň tonna golaýy taýýarlanyldy.
Türkmenistanyň iri nebitgaz toplumy ýylda 2 million tonna mazut almaga, 250 müň tonna suwuklandyrylan gazy we 230 müň tonna pes oktanly ýeňil benzini gaýtadan işlemäge hem ukyplydyr.