“Datly şerbet” täze görnüşli doňdurma önümçiligini ýola goýdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Datly şerbet” täze görnüşli doňdurma önümçiligini ýola goýdy
Kärhanada doňdurmanyň 40-a golaý görnüşi öndürilýär.

Türkmenistanda “Täze Aý” haryt nyşanly önümleri bilen tanalýan “Datly şerbet” hususy kärhanasy täze görnüşli dürli doňdurmalaryň önümçiligini ýola goýdy.

“Biznes reklama” gazetiniň duşenbe güni habar bermegine görä, bu doňdurmalar “Galkynyş”, “Meleguş”, “Ýüpek ýol”, “Awaza”, “Hazar” atlary bilen ilata hödürlenýär.

Şeýle-de alyjylara ýetirilýän täze önümleriň hatarynda “Ylham” petir kökesini, 1 kilogram ölçegde gaplanan “Güneşli” kökeleri, 100, 155, 200 gram ölçeglerde gaplanan “Sarwan” atly süýt we mesge tagamly huruşlanan waflini hem görkezmek mümkindir.

Häzirki wagtda “Datly şerbet” hususy kärhanasynda konditer önümleriniň 160-a golaý görnüşi öndürilýär. Indi 16 ýyl bäri ýurtda azyk önümçiligine goşant goşup gelýän bu hususy kärhana Hytaýda, Gyrgyzystanda, Russiýada geçen halkara sergilerde diplomdyr sertifikatlar bilen sylaglandy.

Mary welaýatynyň Mary etrabynda ýerleşýän “Täze Aý” kärhanasynyň önümleri häzirki wagtda Gyrgyzystana hem-de Hytaýa eksport edilýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022