Wladimir Putin: koronawirusa garşy ilkinji waksina Russiýada hasaba alyndy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Wladimir Putin: koronawirusa garşy ilkinji waksina Russiýada hasaba alyndy
Prezident Wladimir Putiniň aýtmagyna görä, waksina netijeli işleýär, durnukly immunitet döredýär we ähli zerur bolan barlaglardan geçdi. (Surat: TASS)

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin ýurduň hökümet agzalary bilen sişenbe güni geçiren mejlisiniň dowamynda dünýäde koronawirusa garşy ilkinji waksinanyň Russiýada hasaba alnandygyny aýtdy. Bu barada “TASS” habar agentligi habar berýär.

Russiýanyň prezidentiniň aýtmagyna görä, waksina netijeli işleýär, durnukly immunitet döredýär we ähli zerur bolan barlaglardan geçdi.

“Russiýada hasaba alnan koronawirusa garşy waksinanyň köpçülikleýin önümçiligini ýakyn wagtda başlamaly. Bu waksina meýletin sanjym ediler” diýip, Putin nygtady.

Russiýanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň N.F.Gamalei adyndaky epidemiologiýa we mikrobiologiýa boýunça milli derňew merkezi tarapyndan döredilen waksinanyň kliniki synagy geçirilip tamamlandy, diýip Russiýanyň saglygy goraýyş ministri Mihaýil Muraşko belledi.

Häzirki wagtda koronawirusa garşy waksinany döretmek boýunça işler Hytaýda we beýleki birnäçe döwletlerde alnyp barylýar, emma heniz olaryň kliniki derňewi geçirilýär.