“Täjibaý” gaz ýatagynda täze gaz akymy alyndy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Täjibaý” gaz ýatagynda täze gaz akymy alyndy
“Täjibaý” gaz ýatagy 2019-njy ýylyň dekabr aýynda ulanyşa girizildi.

Lebap welaýatynyň çäginde ýerleşýän “Täjibaý” gaz ýatagynda täze buraw guýusy işe girizilip, onuň gaz önümçiliginiň gündelik möçberi 400 müň kub metre barabar boldy. Bu barada Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň elektron gazeti sişenbe güni habar berýär.

Guýynyň buraw işleri “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň “Lebapnebitgazgözleg” ekspedisiýasynyň hünärmenleri tarapyndan ýerine ýetirildi. Täze guýynyň öndürijilik gatlagy 3,700 metr çuňlukda ýerleşýär, diýip habarda aýdylýar.

Welaýatyň günortasynda ýerleşýän “Täjibaý” gaz ýatagy 2019-njy ýylyň dekabr aýynda ulanyşa girizildi. Bu ýerde “mawy ýangyjy” almak işlerini “Türkmengaz” döwlet konserniniň “Lebapgazçykaryş” müdirliginiň hünärmenleri ýerine ýetirýär.

Geçen ýylyň oktýabr aýynda geçirilen “Türkmenistanyň nebiti we gazy-2019” atly halkara konferensiýasynda Türkmenistanyň uglewodorod baýlyklarynyň 71 milliard tonnadan gowrak nebit ekwiwalentine deňdigi bellenildi. Olaryň 20 milliard tonnadan gowragy nebit we 50 trilliondan gowrak kub metri tebigy gazdyr.

Türkmenistanda gaz gorlarynyň iň ulusy “Galkynyş” gaz ýatagy bolup, onuň 27.4 trillion kub metr gory bardyr.

2022