Türkmenistan Astrahanda logistika merkezini açmagy meýilleşdirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan Astrahanda logistika merkezini açmagy meýilleşdirýär
Türkmen konsuly we Astrahanyň gubernatory Türkmenistan bilen Astrahanyň arasynda göni howa gatnawlaryny ýola goýmak barada pikir alyşdylar. (Surat: “Astrahan oblasty”)

Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastyndaky Türkmenistanyň konsuly Güýç Garaýewiň çarşenbe güni oblastyň Gubernatory Igor Ýuriýewiç Babuşkin bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Duşuşygyň barşynda konsul gubernatora Konsullyk ekzekwaturasynyň nusgasyny gowşurdy. Gubernator konsula türkmen-rus gatnaşyklarynyň ösüşine gönükdirilen täze diplomatik wezipesinde üstünlikler arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda Astrahan oblastynyň Olýa deňiz portunyň ýakyn geljekde degişli çäginde dörediljek aýratyn port ykdysady zolagynda Türkmenistandan getiriljek harytlar üçin soňralygy bilen giňeldilmek şertleri bolan logistika merkezini açmagyň mümkinçilikleri babatynda pikir alşyldy.

Şeýle-de taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň dürli pudaklary boýunça konstruktiw hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Gämi gurluşyk, bilim we Hazar deňzinde hyzmatdaşlyk ýaly pudaklarda Astrahan oblasty bilen gatnaşyklarynyň ösdürilmegine taýýarlyk bildirildi.

Mundan başga-da, taraplar Türkmenistan bilen Astrahanyň arasynda göni howa gatnawlaryny ýola goýmak baradaky meselä hem seredip geçdiler.

2022