Eýran içerki energetika biržasynda çig nebiti satmakçy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Eýran içerki energetika biržasynda çig nebiti satmakçy
Eýran içerki energetika biržasynda çig nebiti satmagy meýilleşdirýär.

Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani Eýranyň içerki energetika biržasynda çig nebiti satmagy meýilleşdirýändigini mälim etdi. Bu barada TDH çarşenbe güni “IRAN.ru” agentligine salgylanyp habar berdi.

Meýilnamanyň umumy taslamasynyň Prezidentiň ýolbaşçylygynda hem-de kazyýet ulgamynyň başlygynyň we parlamentiň başlygynyň gatnaşmagynda duşenbe güni geçirilen Ýokary ykdysady utgaşdyryjy geňeş tarapyndan makullanandygyny Ruhani belledi.

Gutarnykly tassyklanylandan soň hökümetiň meýilnamany durmuşa geçirip biljekdigine ýurt baştutany umyt bildirdi.

Ruhanynyň aýtmagyna görä, nebitiň içerki bazarda we energetika biržada satylmagy maýa we gazna bazarlaryny düzgünleşdirmek boýunça netijeli çäredir.

Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beýan edilişi ýaly, meýilnama laýyklykda nebitiň 220 million barreli bir ýylyň dowamynda obligasiýalaryň üsti bilen deslapdan satylar.

Eger hökümete çaklanylýan möçberiň ählisini satmak başartsa, ABŞ dollarynyň häzirki bahasyny we agyr eýran nebitiniň bahasyny göz öňüne tutanyňda, 1,900.000 milliard rial alnar. 

2022