Aşgabat we Kazan hyzmatdaşlygyň ugurlaryny giňeltmek barada ylalaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabat we Kazan hyzmatdaşlygyň ugurlaryny giňeltmek barada ylalaşdy
Türkmenistan köp ýyllaryň dowamynda Tatarstanyň KAMAZ, “Tatneft”, “Kazan dikuçar zawody” ýaly öňdebaryjy kompaniýalary bilen işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýar. (Surat: "RT")

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow penşenbe güni Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Senagat we söwda ministri Albert Karimow bilen onlaýn gepleşikleri geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Işjeň ýagdaýda geçirilen gepleşikleriň barşynda söhbetdeşler geljekde bilelikde durmuşa geçirmek üçin ähmiýetli mümkinçiliklere eýe bolan Türkmenistanyň we Tatarystanyň özara gatnaşyklarynyň sazlaşykly ösüşini belläp geçdiler.

“Türkmenistan Tatarystanyň işewürlik düzümleri bilen ygtybarly hem-de ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň çäklerinde ýurtda nebitgaz senagaty, maşyngurluşyk, gämigurluşyk, awtoulag tehnikasy, serwisler, dürli maksatly iri senagat desgalarynyň gurluşygy we düýpli abatlanmasy ýaly ileri tutulýan ugurlarda ysnyşykly özara hereketleri ýola goýdy” diýlip, habarda beýan edilýär.

Söhbetdeşler şonuň ýaly-da lukmançylyk ulgamyndaky gatnaşyklaryň hem giňeldilýändigini kanagatlanma bilen belläp geçdiler. Dünýä derejesinde koronawirus ýokanjynyň ýaýramagy bilen bagly bolan häzirki şertlerde bu ugurda ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek aýratyn derwaýys häsiýete eýe bolýandygy hem bellenildi.

Taraplar şeýle-de özara gyzyklanma döredýän geljegi uly ugurlar boýunça özara bähbitli we ygtybarly hyzmatdaşlygy geljekde-de giňeltmek hem-de pugtalandyrmak babatynda ylalaşdylar.

Türkmenistan köp ýyllaryň dowamynda Tatarstanyň KAMAZ, “Tatneft”, “Kazan dikuçar zawody”, “KER-Holding”, “"Ak bars" gämigurluşyk korporasiýasy” ýaly öňdebaryjy kompaniýalary we bu sebitiň beýleki işewürlik düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýar.

2022