Lebap welaýatynyň ekerançylary 89.6 müň tonna ýeralma hasyl aldylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Lebap welaýatynyň ekerançylary 89.6 müň tonna ýeralma hasyl aldylar
Häzirki wagtda Lebap welaýatynda ýer eýeleri giçki ýeralmany ekmek we olara ideg etmek işlerini utgaşykly alyp barýarlar.

Şu ýylyň ýedi aýynda Lebap welaýaty boýunça 89.6 müň tonna ýeralma öndürildi. Bu barada “Türkmen gündogary” gazeti anna güni habar berdi.

Habara görä, bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 9 müň tonna köpdir.

“Şeýle üstünlik pudaga döwletimiz tarapyndan uly goldawyň berilmegi, daýhanlaryň netijeli zähmet çekmäge höweslendirilmegi arkaly gazanyldy” diýip, habarda aýdylýar.

Häzirki wagtda Lebap welaýatynda ýer eýeleri giçki ýeralmany ekmek we olara ideg etmek işlerini utgaşykly alyp barýarlar. Şu möwsümde ýeralma 1,100 gektar meýdana ekilip, ondan 15,4 müň tonna hasyl almak meýilleşdirilýär.